Habarlar
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 5G ulgamy işe girizildi
Туркменистан принял участие в форуме по цифровым инновациям формата «C5+1» в Астане
Türkmen hünärmenleri sanly dolandyryş boýunça sebit okuw maksatnamasyna gatnaşýarlar
Türkmenistanda optiki-süýüm kabelleri öndürýän önümçilik desgasy gurlar
«Sanly çözgüt — 2026» bäsleşigine gatnaşyjylara arzalary bermegiň möhletleri ýatladylýar
Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň täze ygtyýarlygy kesgitlenildi
18:09 05.09.2025
Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hem-de elektron hökümetiň işi babatynda ygtyýarly edara diýlip kesgitlenildi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow degişli Karara gol çekdi.
Resminama bilen, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligine Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak we Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.
Karar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça kabul edilen namalarda göz öňünde tutulan wezipeleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmek, milli ykdysadyýetiň pudaklarynda sanly ulgamlary giňden ornaşdyrmak arkaly ýokary tehnologiýaly we bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek maksady bilen kabul edildi.